MEDENIÝET

Köýtendagdaky kitaphana şahamçasy göçmek ertirlik gurady

Köýtendag etrabynyň merkezi kitaphanasynyň Gurşun magdan käni şäherçesindäki şahamçasynyň kitaphanaçylary tarapyndan şäherçedäki 18-nji çagalar bakja-bagynda «Bagtyýar nesiller» ady bilen ertirlik geçirildi.
Çäräniň dowamynda «Güneşli iliň — geljegi röwşen» atly kitap sergisi guralyp, onda dürli ýyllarda çap edilen ertekiler görkezildi. Körpeler kitaplar bilen tanyşdylar hem-de Watana bolan söýgülerini goşgular arkaly beýan etdiler.
Geçirilen ertirlik çagalaryň kitap okaýşa bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga, olaryň giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli we edep-terbiýeli bolup ýetişmegine gönükdirilen çäre hökmünde guraldy.