Köýtendag etrabyndaky 20-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Dünýä dolýar adyň, Watan!» atly aýdym-sazly çäre geçirildi. Köýtendag etrabynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda geçirilen dabaraly çärä muzeý işgärleridir okuwçylar bilen bilelikde il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaraly çäräniň dowamynda Watanymyzyň dünýä ýaň salýan şan-şöhraty, milli mirasymyzyň ajaýyp gymmatlyklary barada edilen çykyşlar, oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.
Soňra çärä gatnaşyjylar bu ýerde Köýtendagyň tebigy täsinlikleri, oturymly ilatyň gadymy zähmet gurallary esasynda guralan sergini synladylar. Munuň özi ýaş nesliň taryhy gymmatlyklarymyz barada düşünjelerini baýlaşdyrmaga uly mümkinçilik boldy.
Köýtendagdaky dabara Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlandy
28
Nov
