JEMGYÝET

Köýtendagda talyp gyzlar bäsleşdi

Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Köýtendag etrap birleşmesi bilen medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda Garlyk kaliý dag magdan toplumynyň Magdanly şäherindäki orta hünär-tehniki okuw mekdebiniň talyp gyzlarynyň arasynda «Talyp gözeli» ady bilen bäsleşik geçirildi.

Ýaşlaryň ukyp-başarnygyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bäsleşige talyp gyzlaryň 10-sy gatnaşdy. Olar bäsleşigiň şertlerine görä, özleriniň medeniýete, sungata, döredijilige bolan höwesini, ukyp-başarnygyny  aýdym-sazlaryň, goşgudyr rowaýatlaryň, sahna çykyşlarynyň üsti bilen beýan etdiler. Şeýle hem aş kesmek, keşde çekmek arkaly ussatlyklaryny görkezdiler.

Şeýlelikde, baş baýraga Bahtygül Çaryýewa, 1-nji orna Akjagül Gylyjowa, 2-nji orna Arzygül Rahamkulowa, 3-nji orna Aýnura Rozymuradowa mynasyp boldy.

Ýeňijilere TKA-nyň Köýtendag etrap birleşmesi tarapyndan  Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar joşgunly elçarpyşmalar astynda gowşuryldy. Bäsleşigiň dowamynda aýdym-sazly çykyşlara hem uly orun berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: