Köýtendagda sport çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň
Köýtendag bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde guramagynda etrabyň 1-nji sport
mekdebinde ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, ýaş
nesilleriň ýaramaz endiklerden daşda durmaklygyny, olaryň ruhy we fiziki taýdan sagdyn
bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen «Sport sagdynlyga badalga» ady bilen wagyz-
nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda bedenterbiýäni ösdürmek, ýaşlary sport we sagdynlyk hereketine işjeň çekmek,
beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleriň kemala gelmegini gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermek, sport bilen yzygiderli meşgullanmak boýunça ýurdumyzda
döredilýän mümkinçilikler barada çykyşlar edildi.