Köýtendag etrabynyň medeniýet merkeziniň kitaphanasynda şahyr, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Agamyrat Soltanowyň 70 ýaş ýubileýi mynasybetli dabara geçirildi. Aýdym-sazly dabarada şahyryň kitaplarynyň sergisi hem ýaýbaňlandyryldy.
Köpsanly kitapsöýüjileri özünde jemlän dabarany aýdymçy mugallym Bibijemal Joraýewa alyp bardy. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, mirasgär Oral Temirow dabara gatnaşyjylary şahyryň ömür we döredijilik ýoly bilen tanyşdyrdy.
Kitapsöýüjileriň we kitaphana işgärleriniň birnäçesi bolsa onuň döwet galamyndan syzylyp çykan goşgularyny çeper okadylar. Etrap medeniýet merkeziniň režissýorlary Baýram Akyýew, Gunduz Abdynazarowa şahyr bilen bagly ýatlamalaryny paýlaşdylar. Dabaranyň dowamynda şahyryň sözlerine döredilen aýdymlar hem ýaňlandy.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti tarapyndan dabara işjeň gatnaşyjylara höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.
Köýtendagda şahyr Agamyrat Soltanowyň ýubileýine bagyşlanan dabara geçirildi
21
Oct
