JEMGYÝET

Köýtendagda ösümlik dünýäsini gorap saklamak barada ylmy maslahat geçirildi

Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda sebitiň baý ösümlik dünýäsini goramaklyga we biologiki köpdürlüligi saklamaga bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi. Çärede goraghananyň çägindäki ösümlikleriň ösüş, köpeliş şertleri hem-de olary ylmy esasda öwrenmegiň häzirki zaman usullary baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata gatnaşyjylar tebigaty gorap saklamak ugrunda amala aşyrylýan netijeli işlere we ylmy barlaglary geçirmek üçin döredilen şertlere aýratyn üns çekdiler. Çykyşlarda sebitiň özboluşly tebigy baýlyklaryny geljekki nesiller üçin aýawly saklamakda döwrebap mümkinçilikleriň ähmiýeti nygtaldy.