2025-2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň başlanmagy mynasybetli, Köýtendag etrabynda mekdep okuwçylarynyň arasynda «Sagdynlyk ― baş ýörelgämiz» atly sport ýaryşlary badalga aldy. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň etrap bölümi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan guralan bu çärede okuwçylar sportuň sekiz görnüşi boýunça özara bäsleşýärler. Bu ýaryşlar zehinli ýaş sportçylary ýüze çykarmaga gönükdirilendir.
Şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli, welaýat baş bilim müdirligi bilen bilelikde birnäçe aýlap dowam etjek iri sport ýaryşlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, şu ýylyň fewral aýynda «Türkmenistan ― sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly spartakiadanyň etrap tapgyryna badalga berler.
Köýtendagda okuwçylaryň arasynda sport ýaryşlary geçirilýär
20
Jan
