Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köýtendag etrap Geňeşi, Köýtendag etrap häkimligi, jemgyýetçilik guramalary we medeniýet işgärleri şeýle hem «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda «Näz-nygmatly desterhan» atly telegepleşigiň täze sany ýazgy edildi.
Gepleşigiň dowamynda halkymyzyň öňden dowam edip gelýän, jemgyýete bähbitli däp-dessurlarymyzyň esasynda hem-de «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan ugur alyp, gelin-gyzlarymyzyň ýerine ýetirmeginde türkmen milli tagamlary we işdäaçarlary taýýarlanyldy. Mundan başga-da ajaýyp
döwrümizi wasp edýän gelin-gyzlarymyzyň joşgunly goşgy setirleri, dutar astyndaky aýdymlar çäräniň mazmunyny has-da artdyrdy.
Köýtendagda meşhur telegepleşigiň täze sany ýazgy edildi
07
Jul

