BILIM

Köýtendagda «Merdana nesil ― 2024» bäsleşigi geçirildi

Köýtendag etrabynyň 39-njy orta mekdebinde «Merdana nesil-2024» atly şadyýan bäsleşigiň Köýtendag etrap tapgyry geçirildi. Oňa etrabyň orta mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan oglanlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň birinji şertinde oglanlar türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzda ýetilen belent sepgitleri, gazanylýan üstünlikleri çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler. Ikinji şertde bolsa, olar ýekelikde şorta sözleri ýerine ýetirdiler. Üçünji şertde bäsdeşler häzirki döwürde amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirip öz ukyplaryny açyp görkezdiler. Bäsleşige gatnaşan oglanlar tomaşaçylara öz çykyşlary bilen ruhubelentlik paýladylar.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça etrabyň 2-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy
Döwletgeldi Begnazarow birinji, 4-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Emil
Allanazarow ikinji, 29-njy orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Malik Ahmedow üçünji baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşi  tarapyndan hormat hatlary we sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: