JEMGYÝET

Köýtendagda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri mekdep okuwçylarynyň ata-eneleri bilen duşuşyk geçirdiler

Köýtendag etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda hukuk goraýjy
edaralaryň işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Maşgala, mekdep, jemgyýet» atly wagyz-nesihat çäresi
geçirildi. Oňa okuwçylaryň ata-eneleri hem çagyryldy.
Onda edilen çykyşlarda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerini hem-de jebisligini berkitmekde
maşgalanyň paýynyň uludygyna aýratyn uly üns berildi. Hukuk goraýjylar döwletimizde maşgalalaryň
abadançylygyny üpjün etmeklige gönükdirilen hukuk resminamalarynyň has kämilleşdirilýändigi
hakynda giňişleýin düşündiriş berdiler. Ýurdumyzda maşgalalaryň abadançylygyny üpjün etmeklige
gönükdirilen döwlet goldawy, kömek pullary, işde we durmuşda döredilýän ýeňillikler hakynda
hereket edýän kanunlar esasynda gürrüň edildi. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerini hem-de
jebisligini berkitmekde bu kanunlaryň ähmiýetiniň uludygy aýratyn nygtaldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: