Köýtendagda geçirilen maslahat nesil terbiýesine bagyşlandy
Köýtendag etrabyndaky 27-nji çagalar bagynda «Asylly ýörelgeler — nesillere görelde» atly geçirilen maslahat hem körpelerde milli gymmatlyklarymyza bolan hormat-söýgi duýgularynyň üsti bilen watançylyk terbiýesiniň berlişini kämilleşdirmeklige bagyşlandy.
Etrabymyzyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatyň barşynda milli gymmatlyklarymyzyň arasynda milletimiziň ruhuny beýgeldýän, şöhratyny bütin äleme ýaýyp gelýän ahalteke bedewlerimiz baradaky çykyşlara uly orun berildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda Gahryman Arkadagymyzyň Monako knýazlygynda saparda bolan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagynyň buýsanjymyzy artdyrandygy guwanç bilen aýdyldy.
Terbiýeçiler türkmen bedewleriniň bütin döwletimiziň we halkymyzyň mertebesini beýgeldýän milli gymmatlyklardygyny açyp görkezýän terbiýeçilik çärelerinde täsirli usullary ulanmagyň ýollary hakynda tejribe alyşdylar.