Köýtendag etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatorlary golaýlaşyp gelýän gowaça ekişi möwsümine taýýarlyk işlerini tamamladylar. Kärhananyň hünärmenleri tarapyndan gowaça ekijileriň 20-ä golaýy, «MONOSEM NG-Plus-4» kysymly takyk ekijileriň 5-si, ýönekeý ekijileriň 22-si hem-de ähli borona we malalar möwsüme birkemsiz taýýar edildi. Şu ýyl etrap boýunça jemi 8450 gektar meýdana gowaça tohumyny ekmek meýilleşdirilýär.
Tehnikalaryň abatlaýyş işlerinde Jumanazar Halmyradow, Halbaý Hurramow we Bagtyýar Begenjow ýaly ussalar, şeýle hem Ahmet Hudaýbergenow, Çary Kulsahadow, Kuwandyk Tursunpoladow we Jeýhun Seýtiýew ýaly mehanizatorlar aýratyn tapawutlandylar. Kärhananyň mehanigi Ramazan Namazowyň bellemegine görä, ähli tehnikalar agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda taýýarlanyp, ekiş möwsümini bellenilen möhletlerde we guramaçylykly geçirmäge doly mümkinçilik döredildi.
Köýtendagda ekiş möwsümine netijeli taýýarlyk görülýär
07
Mar

