JEMGYÝET

Köýtendagda bäş etrap bilelikde çäre geçirdi

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Köýtendag etrabynyň dag eteginde «Waspy dünýä dolan türkmen halysy» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi hem-de Halaç, Kerki, Hojambaz, Döwletli we Köýtendag etraplarynyň medeniýet bölümleri bilelikde guradylar.
Dabaranyň dowamynda aýdym-sazly we folklor çykyşlary ýaýbaňlandyryldy, türkmen halysy wasp edildi. Sergi meýdançasynda eli çeper zenanlaryň taýýarlan halylary we haly önümleri görkezildi. Çärä gatnaşan halyçy zenanlar milli halyçylyk senedini gorap saklamak, ösdürmek we geljek nesillere ýetirmek ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.