Köýtendagda 40 kombaýn bugdaý oragyna gatnaşýar
Şu günler Köýtendag etraby boýunça 15,9 müň gektar meýdanda orak geçirilýär. Bu işe kuwwatly kombaýnlaryň 40-sy çekildi. Olaryň güýji bilen her günde ýüzlerçe gektar meýdanda bugdaý orulýar.
Etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň tejribeli kombaýnçylary Begzad Oralow, Narzulla Ýangibaýew dagy her günde 15 — 20 gektar meýdanda orak geçirip, bu işde öz kärdeşlerine görelde bolýarlar. Şeýle gaýratly adamlaryň birleşen tagallalary arkaly altynsow çäç barha belende galýar.
Şu ýyl etrapda guşgursak bugdaýyň 20 müň 820 tonnadan gowragyny taýýarlamak meýilleşdirilýär.