YKDYSADYÝET

«Köýtendag» maldarçylyk hojalygy owlak-guzy almak baradaky meýilnamasyny ýerine ýetird

Lebap welaýatynyň «Köýtendag» maldarçylyk hojalygynyň çopanlary 8 müň 49 ene goýundan 7 müň 398 owlak-guzy alyp, bu baradaky meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Dowardarlar öz bakýan mallaryny Leýlimekan, Gökliýar, Garagalak ýaly öri meýdanlarynda gyşlatmak bilen, olardan ýokary önüm almagy başardylar. Her 100 ene goýundan başa-baş guzy almagyň hötdesinden gelen çopanlar gowy girdeji-de gazanýarlar. Sagdyn guzy almak üçin her ene goýny alada bilen gurşap alýarlar. Elbetde, bu babatda mal lukmanlarynyň, ferma müdirleriniň çopanlara berýän goldawlary hem uly. Olar wagtly-wagtynda dowarlary gözden geçirmek bilen, kesellere garşy sanjymlary we beýleki zerur çäreleri öz wagtynda berjaý edýärler.

Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.