YKDYSADYÝET

Köýtendag kän müdirliginde meýilnama üstünlikli berjaý edildi

 Ýurtda amala aşyrylýan gurluşyk-gurnama işlerinde zerur bolan magdan däl gurluşyk önümlerini öndürmekde Köýtendag kän müdirliginde işler ýokary guramaçylykly dowam etdirilýär.

 Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň düzüminde hereket edýän Köýtendagyň baý çig mal gorlaryny özleşdirmek maksady bilen döredilen bu kuwwatly kärhanada, esasan-da, daş owuntygy, üwelen hem ýuwlup, baýlaşdyrylan çäge, çagyl we çäge garyndysy ýaly önümler öndürilýär.

 Önümçilik üçin zerur bolan çig mal müdirlige degişli bolan känleriň 15-sinden alynýar. Bu ýerde şu ýylyň başyndan bäri hem magdan däl gurluşyk önümleriniň 508 müň kub metrden gowragy öndürilip, meýilnama üstünlikli berjaý edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: