YLYM WE TEHNIKA

«Köýtendag» goraghanasynda geçigaplaňyň ýagdaýy ylmy taýdan öwrenilýär

Köýtendag döwlet tebigy goraghanasy-nyň çäginde geçigaplaňyň (karakal) häzirki ýagdaýy, ýaýran ýerleri hem-de sany ylmy-gözegçilik işleriniň esasynda öwrenilýär. Bu seýrek ýabany pişik görnüşi häzirki wagtda ýurdumyzda diňe Köýtendag sebitinde duş gelip, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna, Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň (IUCN) sanawyna hem-de CITES Konwensiýasynyň sanawyna girizilendir. Soňky ýyllarda innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly geçigaplaň birnäçe gezek wideoşekile düşürilip, onuň ýaşaýan ýerleri anyklanyldy.
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasy dinozawrlaryň yzlary, syrly gowaklary, seýrek ösümlikleri we ýabany haýwanlary bilen tapawutlanýar. Goraghanada Garlyk dadrany (melanoides), Köýtendag ýalaňaç kör balygy, jennet uzynguýruk siňekçi guşy, burma şahly teke ýaly görnüşler hem hasaba alnypdyr. Ylmy maglumatlara görä, öňler bu sebitde alajagaplaňyň hem ýaşaýandygy bellenipdir, emma soňky ýyllardaky gözegçiliklerde ol ýüze çykmandyr. Geçigaplaňyň Daraýyderäniň, Hojaçilgazbabanyň, «Helpebaba» meýdançasynyň hem-de çeşmeleriň töweregindäki derelerde duş gelýändigi anyklanylyp, onuň ýaýraýyş kartasyny düzmek boýunça meýilnamalaýyn işler dowam etdirilýär.