YKDYSADYÝET

Köýtendag etrabynyň agyz suw arassalaýjy desgasynda netijeli işler alnyp barylýar

Köýtendag etrabynyň “Magdanlyşäheragyzsuw” müdirliginiň Mukry suw arassalaýjy desgasynda netijeli işler alnyp barylýar. Gije-gündizki kuwwatlylygy 50 müň kub metr arassa agyz suwuny ilata ýetirmeklige niýetlenilen bu döwrebap desga 2015-nji ýylyň iýul aýynda ulanylmaga berildi.

Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil enjamlaryna daýanýan bu desganyň meýdany 26 gektardyr. Mukry suw arassalaýjy desgasyna ini 15 metr, uzynlygy 430 metr bolan akaba arkaly Amyderýanyň suwy getirilýär.

Akabany arassalamak üçin kuwwatly gum sorujy ulanylýar. Akabadan getirilen suw sygymy 500 müň kub metr bolan emeli usulda durlaýjy howdana guýulýar.

Kuwwatly göteriji beketleriň kömegi bilen arassalanylan agyz suwunyň 30 müň kub metri Magdanly şäheriniň, 20 müň kub metri hem Köýtendag şäheriniň ilatyna ýetirilýär.

Ýedi aýynyň jemi boýunça suw arassalaýjy desgasynda ýokary zähmet netijeleri gazanylyp, agyz suwunyň 2 million 123 müň 974 kub metri etrabyň ýaşaýjylaryna ýetirildi.