JEMGYÝET

Köýtendag etrabynda wagyz-ündew çäreleri geçirilýär

“Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga bagyşlap, polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň işgärleri bilen bilelikde Köýtendag etrabyndaky orta mekdeplerde wagyz-ündew çäreleri geçirilýär.

 Çykyşlarda pyýadalar üçin niýetlenilen geçelgelerden geçmelidigi, ýoldan geçilende telefon, gulaklyk ýa-da beýleki ünsüňi sowujy enjamlaryň ulanylmaly däldigi nygtalýar.

 Mekdep okuwçylaryna ýol hereketiniň düzgünleri beýan edilen gollanmalar hem paýlanylýar.

 Bu işleriň guramaçylykly geçirilmegine “Arkadag” ýaşlar merkeziniň meýletinçileri hem işjeň gatnaşýarlar.