Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda 2025-nji ýylyň tebigat ýylýazgysy kitabyny taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi. Maslahatta şu ugurda alnyp barylýan işler seljerilip, ylmy maglumatlaryň ýygnalyşy boýunça hasabatlar diňlenildi. Goraghananyň ösümlik dünýäsinde pamir-alaý görnüşleri agdyklyk edýär. Umumy hasaba görä, bu ýerde ösümlikleriň 989 görnüşi bar.
Goraghananyň hünärmenleri haýwanlaryň sanyny we görnüşini anyklamak, ösümlikler barada maglumat toplamak hem-de tebigatyň täsinliklerini öwrenmek boýunça yzygiderli ylmy gözegçilik işleri alyp barýarlar. Maslahatyň dowamynda pasyllara laýyklykda ösümlikleriň we haýwanlaryň durmuşyndaky möwsümleýin özgermeler boýunça alnyp barylýan işler hem beýan edildi.
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda ýylýazgy kitaby taýýarlanylýar
19
Nov
