JEMGYÝET

Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda «Tebigat ýyl ýazgysy» kitaby taýýarlanyldy  

Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda geçirilen ylmy-tehniki maslahatda goraghananyň 2022-nji ýylyň «Tebigat ýyl ýazgysy» kitabynyň taýýarlanylyşy boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Goraghananyň hünärmenleri haýwanlaryň sanyny we görnüşini anyklamak, ösümlikler barada zerur maglumatlary toplamak we tebigat täsinliklerini öwrenmek boýunça ylmy-gözegçilik işlerini yzygiderli ýöredýärler. Bu ýerde dürli ösümlikleriň 989 görnüşi ösýär. Olar barada toplanylýan maglumatlar goraghananyň «Tebigat ýyl ýazgysy» kitabyny taýýarlamakda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Maslahata gatnaşyjylar goraghanada alnyp barylýan ylmy-gözegçilik işleri barada degişli hünärmenleriň çykyşlaryny diňlediler, şeýle-de öňde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: