Köýten kän müdirliginde ýokary netijeler gazanylýar
Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän kän müdirliginde şu ýylynyň ýanwar – iýun aýlarynda magdan däl gurluşyk materiallarynyň 338 müň 503 kub metri öndürilip, bu baradaky meýilnama 101,96 göterim ýerine ýetirildi.
Ýurduň gündogar sebitinde ýerleşýän Köýten dagynyň baý çig mal goruny özleşdirmek maksady bilen döredilen kärhanada häzirki wagtda gurluşyk işleri üçin zerur bolan gurluşyk çagyllary, ýuwlan çäge we çagyl-çäge garyndysy ýaly magdan däl gurluşyk materiallaryny öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar.
Şu ýylyň geçen alty aýynda önüm öndürmekde 105 göterim ösüş gazanyldy. Has takygy, bu döwürde daş owuntygynyň 105 müň 984 kub metri, 1 million 308 müň 392 manatlygy, ýuwlup baýlaşdyrylan çägäniň 160 müň 41 kub metri, 2 million 400 müň 615 manatlygy, but daşynyň 72 müň 478 kub metri, pul hasabynda bolsa 1 million 159 müň 648 manatlygy öndürildi.
Şeýle-de şu ýylyň ýanwar – iýun aýlarynda taýýar önümleriň, ýagny, magdan däl gurluşyk materiallarynyň 475 müň 843 kub metri ýerlenildi.