Köýtendag kän müdirliginde şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynyň netijeleri boýunça magdan däl gurluşyk serişdeleriniň 317 müň 28 kub metri öndürilip, bellenilen meýilnama 105,7 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirenimizde, ösüş depgini 114,2 göterime barabar boldy.
Ýylyň başyndan bäri çagylyň 100 müň 28 kub metri, ýuwlan çägäniň 151 müň 13 kub metri, çagyl-çäge garyndysynyň 37 müň 47 kub metri, but daşynyň hem 28 müň 86 kub metri öndürildi. Maliýe görkezijileri boýunça degişli döwürde 8 million 555 müň 867 manatlyk iş ýerine ýetirilip, meýilnama 106,9 göterim amala aşyryldy. Netijede manat möçberinde degişli döwür bilen deňeşdirilende
122,1 göterim ösüş gazanyldy.
Köýten kän müdirliginde 317 müň kub metrden gowrak gurluşyk serişdeleri öndürildi

27
Jun