DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Kosmonawt Aleksandr Misurkin «ТАСС»-yň Halkara kosmiki stansiýasyndaky ilkinji habarçysy bolar

«ТАСС» agentligi Halkara kosmiki stansiýasynda dünýäniň habar beriş serişdeleriniň arasynda ilkinji bolup özüniň wekilhanasyny açýar. Bu barada agentligiň saýtynda habar berilýär.

Russiýanyň Gahrymany, «Roskosmosyň» kosmonawty Aleksandr Misurkin «ТАСС»-yň orbitadaky ilkinji habarçysy bolar. Ol stansiýanyň durmuşy we işi barada gürrüň berer, onuň täzeliklerini agentligiň maglumatlar resursynda okap bolar, suratlaryny we wideosýužetlerini bolsa saýtda we sosial setleriň resmi sahypalarynda görüp bolar.

Häzirki wagtda iki müňe ýakyn işgärleri «ТАСС»-yň işini hakyky wagtda üpjün edýärler. Agentlik her gün özüniň Russiýadaky we daşary ýurtlardaky habarçylaryndan gelen habarlaryň 2 müň töweregini we suratlaryň hem-de wideosýužetleriň 600-800-sini goýberýär. Olar wakalaryň bitewiligini we obýektiwligini emele getirýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: