BIZE YAZYARLAR

Körpelere kadaly iýmit

Çaga bedeni tiz ösýär. Aýratyn hem, kiçi ýaşly çagalarda beden süňki, nerw ulgamy tiz ösüş döwründe bolýar. Şonuň üçin hem çagalar baglarynda körpeleriň kadaly iýmitlenmegi, tagamnamanyň doly we dogry düzülmegi möhüm wezipeleriň biridir.
Iýmit bedeniň kadaly ösmegine, işjeňligine täsir edýän zerur çeşmedir. Tomus döwründe çagalar baglarynda körpeleriň ýokumly maddalara baý bolan gök, bakja we miwe önümleri bilen iýmitlenmegi ýola goýulýar. Şunda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen iýmit möçberi esasynda
tagamnama düzülýär. Ondan ugur alnyp, çagalar bagymyzda hepdelik tagamnamanyň taslamasy düzülýär, şol esasynda gündelik tagamnama ýazylýar.
Tomus döwründe düzgünnama laýyklykda iýun aýynyň 1-den çagalara ikinji ertirlikler berilýär. Ertirlikler dürli miwelerden ybarat bolup, çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä bolýar. Düzülen tagamnama esasynda bag we bakja toparyň naharlary aýratyn taýýarlanylýar. Umumy iýmit kuwwatlylygynyň paýlanylyşy ertirlik 25%, günortanlyk 35%, öýlänlik 15% aralygynda bolýar. Bir
günlük naharyň kuwwatlylygynyň gyşartmasy ± 5% rugsat edilýär.
Gipowitaminozyň öňüni almak maksady bilen sowadylan içgiler emeli usulda askorbin turşusy bilen witaminleşdirilýär (1 çaganyň paýyna 1 — 3 ýaşdaky 35 mg, 4 — 6 ýaşdaky çaga 50 mg).
Askorbin turşusy diňe içgiler 15 gradusa çenli sowadylandan soň goşulýar. Witamin bilen baýlaşdyrylan tagamlar gyzdyrylmaýar. Tagamlaryň witaminleşdirilmegi saglygy goraýyş işgärleriniň gözegçiliginde amala aşyrylýar we süýji tagamlary witaminleşdirmegiň depderine ony baýlaşdyrylan wagty, senesi, paýlaryň sany, goýberilen serişdäniň mukdary bellik edilýär. 7 — 10
günüň dowamynda saglygy goraýyş işgäri bir günde iýmit önümleriniň möçberiniň berlişine gözegçilik edýär we zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda düzediş girizýär. Aýlyk toplumynyň netijesi boýunça esasy iýmit düzümleriniň hasaby saglygy goraýyş işgäri tarapyndan aýda 1 gezek geçirilýär.

Gülşan HAMRAÝEWA,
Farap şäher hassahanasynyň lukmany.