BIZE YAZYARLAR

Körpelerde sözleýiş dilini ösdürmegiň ähmiýeti

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek dünýä ülňülerine laýyklykda dowam etdirilýär. Ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar.
Häzirki wagtda mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpe nesliň ruhy hem-de beden taýdan sagdyn kemala getirilmegine aýratyn üns berilýär. Körpeleriň mekdebe ykjam taýýarlykly barmagynda olaryň sözleýiş dilini kadaly ösdürmegiň ähmiýeti uludyr. Çaganyň sözleýşiniň ilkinji şineleri maşgalada kemala gelýän hem bolsa, onuň göwnejaý ösüşinde terbiýeçidir usulyýetçileriň we çagany gurşap alýan köpçüligiň täsiriniň bardygyny bellemek gerek. Dil bitip barýan körpäniň sesleri dogry aýdyp bilmegini, sözlük goruny ýaşyna görä baýlaşdyrmagy, baglanyşykly sözleýşini ösdürmegi we sözdür sözlemleri dogry aýtmagyny ýola goýmak mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işgärleriniň esasy borjy bolup durýar.
Mekdebe çenli çagalar edaralary bilim ulgamynda körpelere bilim-terbiýe bermegiň ilkinji hem-de iň wajyp basgançagy bolup durýar. Biz — terbiýeçiler ösüp gelýän ýaş nesli ylymly-bilimli, sagdyn we berk bedenli edip ýetişdirmegi maksat edinýäris.
Çagany terbiýelemegiň wajyp meseleleriniň biri olaryň öz wagtynda intellektiniň we sözleýşiniň ösüşidir. Çagalaryň sözleýiş diliniň ösüşi her bir ders arkaly amala aşyrylmalydyr, kämilleşdirilmelidir. Isle ol matematika, kompýuter ýa-da sowat öwretmek we beýleki sapaklar bolsun, tapawudy ýok, baglanyşykly sözläp bilmek berk ýola goýulmalydyr. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň, şeýle-de geljek nesilleriň ýaşaýyş medeniýeti bilen birlikde, sözleýiş medeniýeti ýokary bolmalydyr. Şonuň üçin hem biz öz çagalar bakja-bagymyzda geçýän sapaklarymyzyň ählisinde çagalaryň talabalaýyk dil öwrenmeklerine, sözleýiş medeniýetiniň kämilligini gazanmaga, hatda daşary ýurt dillerini göwnejaý özleşdirmeklerine aýratyn üns berip, alyp barýan işlerimizi usuly taýdan has-da kämilleşdirmäge, täze iş usullaryny öwrenip, işimizi baýlaşdyrmaga çalyşýarys.
Häzirki zaman okuw-terbiýeçilik işleriniň esasy maksady çagalary mekdebe doly taýýarlamakdan ybaratdyr. Sözleýiş diliniň ýokary derejesi bu taýýarlygyň iň esasy şertleriniň biridir.
Ýurdumyzyň körpe neslini geljegimiziň ak daňlaryna atarýan, olar hakynda uly aladalary edip, ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Dünýägözel AWEZOWA,
Çärjew etrabyndaky 5-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzasy.