BIZE YAZYARLAR

Körpeler bahary garşylaýarlar

Türkmenabat şäherindäki 5-nji okuw internatynda golaýlap gelýän bahar baýramy bolan 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Türkmenabat şäherindäki 30-njy çagalar bakja-bagynyň guramagyndaky geçirilen çäre diýseň şowhunly, ýokary guramaçylykly geçirilip, internadyň körpelerinde uly täsir galdyrdy.
Çagalar bagynyň aýdym-saz mugallymy Güljemal Baýlyýewanyň ýolbaşçylygynda bagyň uly toparynyň bagtyýar körpeleri özleriniň bahar paslynyň golaýlap gelýänini buşlaýan goşgularydyr aýdymlaryny labyzly, şowhunly ýerine ýetirdiler. Şeýle-de, ata Watanymyzy, gözel tebigatymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän şowhunly aýdymlar çaga ýüreklerine buýsanç duýgularyny bagyş etdi. Dörediji körpeleriň gyzykly sahna oýunlary bolsa has-da täsirli boldy.
Öňümizdäki günlerde şeýle çäreleriň ýenede yzygiderli geçirilmegini meýilleşdirýäris.

Maýsa ASTANOWA,
Türkmenabat şäherindäki 30-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.