Körpe küştçüler ― ýurdumyzyň çempiony
Lebap welaýatynyň küştçüleri 8, 10 we 12 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde altyn medallaryň 9-syny, kümüş medallaryň 7-sini we bürünç medallaryň 9-syny gazanyp, toparlaýyn birinji orna mynasyp boldular. Munuň özi ýaryşdaky 54 medalyň 25-sini lebaply küştçüleriň gazanandygyny görkezýär.
Küştüň nusgawy, rapid we blis görnüşleri boýunça geçirilen milli birinjilikde käbir küştçüler birnäçe medal gazanmagyň hem hötdesinden geldiler. Şeýle zehinli çagalaryň arasynda türkmenabatly küştçüler Güneş Baýramowany (altyn, kümüş we bürünç medallaryň her haýsyndan biri), Nazar Narimanowy (bir altyn, bir bürünç), Aýýa Baýramowany (2 altyn, bir kümüş), Dünýä Ruslanowany (bir altyn, 2 kümüş), Nebahat Myradowany (2 altyn, bir kümüş) we Nurhan Babanazarowany (altyn, kümüş we bürünç medallaryň her haýsyndan biri) dagylaryň atlaryny agzap bolar.
Şeýlelikde, biziň welaýatymyzyň wekillerinden Aýýa Baýramowa bilen Nebahat Myradowa 10 we 12 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda geçiriljek halkara ýaryşlarda ýurdumyzyň ýygyndy toparyna wekilçilik eder.
4-nji fewralda 14, 16 we 18 ýaşa çenli türgenleriň arasynda milli birinjilige badalga berildi. Bu ýaş derejelerinde hem lebaply zehinli küştçüleriň birnäçesi bar.