YLYM WE TEHNIKA

Koronawirusyň garşysyna antitelo ýüze çykaryldy

ABŞ-ny alymlary «COVID-19»-yň garşysyna superantitelony ýüze çykardylar. Tapylan obýekt diňe «SARS-Cov-2»-iň dürli görnüşleri bilen däl-de, koronawirysyň beýleki görnüşleri bilen hem göreşmäge ukyply, diýip «Известия» habar berýär. Hünärmenler «COVID-19» bilen kesellänleriň 12 antitelosyny öwrenipdirler. Olaryň biriniň — oňa «S2H97» diýip at berdiler — wirusy güýçden düşürip bilýändigini ýüze çykarypdyrlar. Olar munuň üçin müňlerçe patogenli ( patogen —adamlarda, haýwanlarda, ösümliklerde kesel döredýän mikroorganizmiň bir görnüşi) homýaklarda synagdan geçiripdirler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: