SYÝASAT

Köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dabaralanmasy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýy, dünýä syýasatyndaky orny has-da belende galýar. Ýagny, ýurdumyzda geçirilýän halkara derejesindäki ylmy-amaly maslahatlar, halkara sergiler, halkara ýaryşlar, halkara festiwallar hem-de halkara forumlar bu aýdylanlara aýdyň güwä geçýär. Ýurdumyzda ýene-de şeýle halkara derejesinde düýn «Awazada» geçiriljek forumlaryň biride Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygydyr. Ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleriniň üçünji duşuşygydyr. Birinji duşuşyk 2018-nji ýylda Nur-Soltanda, ikinjisi 2019-njy ýylda Daşkentde geçirildi. 2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda bolsa hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw maslahatyny geçirmegi teklip etdi. Ol biragyzdan goldanyldy. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň: Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary hem-de daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar. Ýokary derejedäki sammitiň dowamynda sebit möçberli iri çäreleriň birnäçesi guralar. Şolaryň hatarynda Ykdysady forum, sebitiň döwletleriň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň hem-de milli tagamlarynyň sergisi, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary bar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň geçirilmeginiň  esasy maksady gender deňligini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän syýasata syn bermek hem-de sebitiň döwletleriniň zenanlarynyň arasynda durmuş-ykdysady saglygy goraýyş, medeni we ylmy ugurlar boýunça köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürilmäge gönükdirilen gepleşikleri ilerletmek bilen bagly meselelere garamakdan ybaratdyr. Duşuşyga gatnaşyjy döwletleriň milli önümleriniň sergisiniň we tagamlarynyň festiwalynyň guralmagy bolsa, ýurtlaryň arasyndaky özara arabaglanyşygy, myhmansöýerliligi, millilik ýörelgeleriniň mundan beýläk-de ýaýbaňlandyrmakdan ybaratdyr. Medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýurtlaryň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dabaralanjakdygynyň, parahatçylygyň, dost-doganlygyň mundan beýläk-de berkejekdiginiň aýdyň subutnamasy bolar.

«Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde ýurdumyzda geçiriljek bu forum örän netijeli bolar.

Merdan Dosmedow,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: