DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Köprini endigan egreltmegiň täsin ýoluny tapdylar

Kanadanyň Provenсher Roy kompaniýasynyň hünärmenleriniň döreden betonyndan hersiniň uzynlygy 37 metre barabar bolan, endigan egrelýän jübüt köpri guruldy. 

Täze gurluşyk önümi öndürilende, daşky gurşawa zyýan ýetirýän sementiň ornuna gaýtadan işlenilen aýna garyndysy ulanyldy. Täsin desga üçin şol garyndynyň 40 tonnasy zerur boldy. Munuň özi çüýşe gaplaryň 70 müň sanysyna barabardyr. 

Ýeri gelende, galyndylary daşky gurşawa zyýan ýetirýän aýna galyndylaryny gaýtadan işlemegiň hasabyna beton önümlerini öndürmek meselesiniň üstünde Russiýadan krasnoýarskili alymlar hem üstünlikli işleýärler. Olaryň döreden şeýle önümi berkligi, arzandygy hem-de ekologik taýdan howpsuzdygy bilen tapawutlanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: