TÜRKMENISTAN HABARLARY

Köpçülikleýin şertnamalar baglaşylýar

Şu günler Lebap welaýatynyň şäherlerinde we etraplarynda edaralaryň, kärhanalaryň, daýhan birleşikleriň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň üsti bilen köpçülikleýin şertnamalar baglaşylýar.
Bu resminamalaryň esasy maksady zähmetkeşleriň howpsuz iş şertlerini gazanmaga, zähmet we durmuş hukuklaryny goramaga gönükdirilendir. Olar Türkmenistanda hereket edýän kanunlara we halkara kadalaryna laýyk düzülýär. Şonda iş beriji bilen bilen zähmetkeşleriň arasynda ýüze çykýan gatnaşyklar, taraplaryň hukuklary we borçlary jikme-jik görkezilýär hem-de olaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegini gazanmak ugrunda aladalanylýar.
Şu günler kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarda täzelerini baglaşmak bilen bir hatarda, geçen ýyl baglaşylan köpçülikleýin şertnamalarda görkezilenleriň nä derejede ýerine ýetirilendigi seljerilýär we degişli netijeler çykarylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply