Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň dünýä halklary bilen dostana gatnaşyklary barha ösýär. Beýik işleri, uly ösüşleri bilen dünýäni haýrana goýýan halkymyzyň durmuşy bilen bu günki gün külli jahan gyzyklanýar. Şoňa görä-de, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek, hünär öwretmek, ylaýta-da daşary ýurt dillerini öwretmek zerurlyga öwrüldi.
Bilim edaralarynda daşary ýurt dilleriniň öwredilmegi bolsa halklary, döwletleri ýakynlaşdyrýar, dostlaşdyrýar, ysnyşykly hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagyna oňyn şert döredýär. Şoňa görä-de pederlerimiz: «Dil bilen dünýäni gezer» diýen parasatly pähimi döredipdirler, hem-de ýaşlarymyza bir ene dilimizi däl, eýsem, beýleki halklaryň dillini öwrenmekligi hem ündäpdirler. Ata-babalarymyzdan gelýän bu asylly ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täzeden rowaçlanýar. Häzirki döwürde ýaşlar bilim ojaklarynda daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenýärler. Indi ýurdumyzda üç we ondan-da köp dil bilýänleriň sany barha artýar. Biz muňa welaýatymyzda alnyp barylýan işleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris.
Mugallym sapagy gyzykly guramak üçin gürrüňleri diňlemek, tekst okamak, ýat tutmak, gürrüň bermek ýaly ýumuşlara üns berýär. Sapakda mowzugyň öňe sürýän meselesini dogry suratlandyrmak, anyk aýtmak, sebäp görkezmek bilen baglanyşykly sözlemler düzdürilýär. Bu usul okuwçynyň pikirlenmek ukybyny güýçlendirýär. Bilim edaralarynda okuwçylara daşary ýurt dillerini öwretmekde ýörite taýýarlanylan okuw gollanmalaryndan başga-da, gysga we sada dilde ýazylan çeper eserleriň ähmiýeti örän uludyr. Mugallym okuwçynyň dünýägaraýşyny, düşünjesini giňeldýän, bilesigelijiligini oýarýan, dil öwrenmeklige gyzyklanma döredýän çeper eserleri saýlap alýar.
Sapakda okatmagyň häzirkizaman usullaryndan peýdalanmak bolsa, okuwça tabşyrylan ýumuşa gözegçiligi amala aşyrmaga ýardam berýär, okuw işini dolandyrmagyň çeýeligini üpjün edýär. Şonuň ýaly-da multimedia tehnologiýasynyň üsti bilen okuwçylara öwredilýän daşary ýurt diliniň ýurduna degişli birnäçe maglumatlary ýetirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa sapagyň täsirliligini has-da artdyrýar.
Ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Oguljemal BABANAZAROWA,
Farap etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy.

