JEMGYÝET

Köp çagaly maşgalalara baýramçylyk sowgatlary gowşurylýar

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi Täze ýyl baýramy mynasybetli «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýeleri bolan eneleriň 14 ýaşa çenli çagalaryna baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdy.

Bu barada birleşmäniň maliýe bölüminiň müdiriniň welaýat neşirinde çap edilen makalasynda habar berilýär.

Türkmenistanda her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli 8 we ondan hem köp perzendi dünýä getiren enelere bu hormatly adyň dakylýandygyny ýatladýarys. Bu adyň eýesi bolan eneler we olaryň maşgalalary durmuş ýeňillikleriniň uly toplumyndan peýdalanýarlar.