TÜRKMENISTAN HABARLARY

Köp çagaly enelere “Ene mähri” hormatly ady dakylar

Sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekildi — bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji fewralda geçirilen mejlisinde habar berildi.
Mejlisiň dowamynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabatda, Arkadag şäherinde we welaýatlarda hormatly adyň nyşanlaryny hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralarynyň ýokary derejede geçiriljekdigi aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmek we köp çagaly enelere döwlet tarapyndan goýulýan hormaty has-da belende götermek boýunça degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.