Konsert gurnamak professional wokalistiň işiniň möhüm bölegidir. Bu diňe bir sungat çykyşy däl, eýsem çylşyrymly guramaçylyk prosesi hem bolup durýar. Üstünlikli konsert gurnamak üçin zerur bolan esasy tapgyrlar we usullar zerurdyr.
1. Meýilnamany işläp düzmek. Her bir konsert anyk bir pikir ýa-da tema esasynda guralmalydyr. Meýilnamany işläp düzmek çykyşyň esasyny emele getirýär. Konsertiň temasyny saýlamak möhüm ädimdir. Çünki tema çykyşyň umumy mazmunyny kesgitleýär. Mysal üçin:
– Belli bir kompozitoryň döredijiligine bagyşlanan konsert
– Milli aýdymlara ýa-da halk sungatyna bagyşlanan çykyş
– Belli bir döwre degişli aýdymlardan ybarat konsert
– Çaga aýdymlarynyň konserti
Konsertiň haýsy topar üçin niýetlenendigini bilmek wajypdyr. Bu repertuary saýlamaga we çykyşyň umumy aýratynlygyny kesgitlemäge kömek eder:
– Ýaşy uly adamlar üçin nusgawy konsert
– Ýaşlar üçin döwrebap aýdymlardan ybarat çykyş
– Çagalar we ata-eneler üçin maşgala konserti
Konsertiň görnüşini we formatyny kesgitlemek zerurdyr:
– Ýekeleýin çykyş
– Ansambl bilen bilelikdäki çykyş
– Orkestr bilen bilelikdäki çykyş
– Teatrlaşdyrylan sahna çykyşy
Dogry saýlanylan repertuar konsertiň üstünligini kesgitleýän esasy faktorlaryň biridir. Aýdymlary saýlamakda şu zatlary göz öňünde tutmaly:
– Konsertiň temasyna laýyk bolmagy
– Ýerine ýetirijiniň wokal mümkinçiliklerine gabat gelmegi
– Diňleýjileriň isleglerini kanagatlandyrmagy
– Dürli stillerden we žanrlardan ybarat bolmagy
Aýdymlaryň yzygiderliligini dogry kesgitlemek konsertiň dinamikasyny saklamaga kömek eder:
– Güýçli başlangyç bilen diňleýjileriň ünsüni çekmek
– Çalt we haýal aýdymlary çalşyrmak
– Duýguly we şowhunly aýdymlary dürli tapgyrlarda ýerleşdirmek
– Ýatda galyjy tamamlaýjy aýdym bilen konserti jemlemek
Her bir aýdymy doly öwrenmek we ýerine ýetirmäge taýýar bolmak zerurdyr:
– Sözleri ýat tutmak
– Heňi we ritmi takyk ýerine ýetirmek
– Aýdymyň mazmunyny we duýgusyny dogry geçirmek
– Ses ýazgylaryny diňläp, ýerine ýetirijiligi kämilleşdirmek
Konsert repertuaryny çagalaryň başarnyklaryna görä we ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda saýlamak wajypdyr. Çagalar üçin konsert repertuaryny saýlamak örän möhüm we jogapkärli wezipedir. Dogry saýlanan repertuar diňe bir çagalaryň wokal başarnyklaryny ösdürmäge kömek etmän, eýsem olaryň döredijilik ukyplaryny hem ösdürýär we sungata bolan söýgüsini artdyrýar. Çagalar üçin repertuar saýlamakda ilkinji ädim olaryň ýaş aýratynlyklaryny we wokal mümkinçiliklerini bilmekdir.
Mekdebe çenli ýaşdaky çagalar 3-6 ýaş aralygy alyp, bu ýaşdaky çagalaryň aýratynlyklary:
– Ses diapazony adatça “do” birinjiden “do” ikinjä çenli (C4-C5);
– Ýönekeý ritmler we gaýtalanýan heňler bilen işlemek amatly bolýar;
– Herekete we oýuna esaslanan aýdymlar has gyzykly bolýar.
Repertuar saýlamakda şu maslahatlardan ugur alyp bolar:
– Ýönekeý, gaýtalanýan sözleri bolan gysga aýdymlar;
– Herekete we oýuna esaslanan aýdymlar;
– Tebigat, haýwanlar, maşgala hakyndaky aýdymlar.
Başlangyç mekdep ýaşyndaky çagalar 7-10 ýaş aralygykda bolup, bu ýaşdaky çagalaryň aýratynlyklary:
– Ses diapazony giňelýär, “si” bemoldan (oktawanyň aşagyndaky) “re” ikinjä çenli (Bb3-D5);
– Çylşyrymly ritm we heňler bilen işläp bilýärler;
– Duýgulary we pikirleri aňlatmaga ukyply bolýarlar.
Repertuar saýlamak üçin şu maslahatlara eýerip bolar:
– Watançylyk, dostluk, tebigat hakyndaky aýdymlar;
– Ýönekeý halk aýdymlary we nusgawy eserler.
Ýetginjeklik döwri 11-14 ýaş aralygy öz içine alyp, bu ýaşdaky çagalaryň aýratynlyklary:
– Ses diapazony has-da giňelýär, ýöne ses üýtgemesi sebäpli durnuksyz bolup biler;
– Has çylşyrymly eserleri öwrenip bilýärler;
– Öz pikirlerini we duýgularyny aňlatmaga isleg artýar;
– Dürli žanrlara we stillere gyzyklanma ýüze çykýar.
Repertuar saýlamak üçin maslahatlar:
– Dürli žanrlary we stilleri öz içine alýan aýdymlar;
– Çagalaryň durmuş tejribesine laýyk gelýän mazmuny bolan aýdymlar;
– Ses üýtgemesini nazara alyp, aýdymlaryň tonallygyny seçip saýlamak.
Repertuar saýlamagyň esasy ýörelgeleri:
Çaganyň ýaşyna we ösmegine laýyk gelýän aýdymlaryň mazmunyna üns bermek;
– Aýdymyň mazmunynyň çaganyň düşünjesine laýyk gelýändigini barlamaly;
– Çaganyň psihologiki we emosional ösüşini goldaýan aýdymlary saýlamaly;
– Terbiýeçilik we öwrediji häsiýeti bolan aýdymlara üns bermeli.
Wokal-tehniki kynçylyklary nazara almak:
– Çaganyň ses diapazonyna laýyk gelýän aýdymlary saýlamaly;
– Dem alyş tehnikasyny ösdürýän aýdymlary goşmaly;
– Ses öwüşginini we artikulýasiýany kämilleşdirýän aýdymlary saýlamaly.
Çaganyň gyzyklanmalaryny we isleglerini hasaba almak zerurdyr. Ýagny, çaga bilen gepleşip, onuň gyzyklanýan temalary we žanrlary öwrenmeli, häzirki zaman çaga medeniýetiniň trendlerini yzarlamaly, çaganyň şahsy tejribesine we duýgularyna degişli aýdymlary saýlamaly.
Täzegül JORAÝEWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň mugallymy