BIZE YAZYARLAR

Konsepsiýanyň wezipeleri durmuşa geçirilýär

Farap etrabynda Lebap welaýat baş müdirligi tarapyndan usuly-amaly maslahat geçirildi. Ol «Türkmenistanyň umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bag toparlarynda sapaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda öňdebaryjy innowasion çeşmeleri ulanmagyň ähmiýeti, usuly işleri kämilleşdirmegiň ýollary» diýlip atlandyryldy.
Farap etrabyndaky 17-nji çagalar bakja-bagynda geçirilen usuly-amaly maslahatda welaýatyň dürli etraplaryndan gelen mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýolbaşçylary, terbiýeçileri we usulyýetçi mugallymlary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda çagalaryň akyl taýdan ösüşini, döredijilik ukyplaryny we sözleýiş başarnyklaryny ösdürmekde täze usullaryň orny barada giňişleýin gürrüň edildi.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler mekdebe çenli ýaşly çagalar bilen geçirilýän sapaklaryň mazmunyny baýlaşdyrmakda innowasion tehnologiýalaryň, sanly serişdeleriň we täze didaktik oýunlaryň ähmiýetini aýratyn bellediler. Şeýle hem bag toparlarynda okuw-terbiýeçilik işlerini guramakda öňdebaryjy tejribeleriň ornaşdyrylmagy, çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda sapaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çärä gatnaşyjylar tarapyndan görkezme sapaklar guralyp, olaryň dowamynda döwrebap pedagogik usullaryň ulanylyşy iş ýüzünde görkezildi. Bu bolsa terbiýeçilere öz iş tejribelerini baýlaşdyrmaga, täzeçe çemeleşmeleri öwrenmäge giň mümkinçilik döretdi. Şeýle hem tejribe alyşmak maksady bilen pikir alyşmalar geçirilip, öňdebaryjy iş tejribeleri paýlaşyldy.
Maslahatyň ahyrynda mekdebe çenli bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň hilini has-da ýokarlandyrmak, öňdebaryjy usullary giňden ornaşdyrmak hem-de «Konsepsiýadan» gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli teklipler öňe sürüldi. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagyna uly goşant goşýar.

Gözel SALIMOWA,
Farap etrabyndaky ýöriteleşdirilen 15-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.