DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Konor oktagona gaýdyp gelýär

Irlandiýaly türgen Konor Makgregor bäş ýyllyk arakesmeden soň UFC guramasyna dolanyp gelýändigini resmi taýdan mälim etdi. Ol bu barada özüniň «Instagram» sahypasynda habar berdi. Türgeniň 18 aýlyk çetleşdirilmeginiň möhleti 20-nji martda tamamlandy. Bu çäklendirme «Combat Sports Anti-Doping» guramasy tarapyndan 2025-nji ýylyň oktýabrynda girizilipdi. Makgregor 2024-nji ýylda üç gezek doping barlagyndan geçmändigi sebäpli wagtlaýyn ýaryşlardan çetleşdirilipdi.
Žurnalist Ariel Helwani tarapyndan berlen maglumatlara görä, Makgregoryň ilkinji duşuşygyny 11-nji iýulda UFC 330 ýaryşynyň çäklerinde Las Vegas şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Türgeniň MMA karýerasynda 22 ýeňişi we 6 ýeňlişi bar. Ol «UFC-niň» taryhynda bir wagtda iki agram derejesinde — ýarym ýeňil we ýeňil agramda çempionlyk guşagyna eýe bolan ilkinji türgendir.