Futbol boýunça Demirgazyk we Merkezi Amerika hem-de Karibleriň çempionaty bolan KONKAKAF Altyn Kubok ýaryşynda final duşuşygy geçirildi.
Ýagny finalda ABŞ bilen Meksikanyň ýygyndylary duşuşdylar. Ýarym finalda ýer eýeleri ABŞ-nyň ýygyndysyna Gwatemalanyň milli toparyny 2-1 hasabynda utupdy.
Meksikanyň ýygyndysy bolsa ýarym finalda Gondurasyň milli toparyny Raul Himenesiň 50-nji minutdaky goly esasynda ýeňlişe sezewar etdi.
ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Hýuston şäherinde geçirilen finalda Meksikanyň ýygyndysy ABŞ-nyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda utup, bassyr 2-nji ýyl bu kubogy gazandy.
KONKAKAF Altyn Kubogynyň nobatdakysy 2027-nji ýylda geçiriler.
KONKAKAF-yň Altyn kubogynyň eýesi belli boldy
07
Jul

