Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Köneürgenç etrabyndaky pagta arassalaýjy kärhanada günde 250 — 300 tonna pagta arassalanylýar

Oct 25, 2021

Şu günler Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky pagta arassalaýjy kärhanada işler gije-gündiziň dowamynda sazlaşykly alnyp barylýar.

Günüň dowamynda bu ýere gelýän «ak altyn» kerwenleriniň yzy üzülmeýär. Ýylda 40 müň tonna pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen bu kärhanada bir günde 250 — 300 tonna pagta arassalanyp, 80 — 90 tonna süýüm taýýarlanylýar. Bu barada «Watan» gazeti habar berýär. Kärhanada pagtanyň arassalygyna, hiline, çyglylygyna ýörite hünärmenler tarapyndan gözegçilik edilýär.

Adblock
detector