DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Köne geýimler awiaýangyja öwrülýär

Ýaponiýalylaryň ulanyşdan galan geýim-gejimleri mundan beýläk zyňylmaz-da, uçar ýangyjyna öwrüler. Eýýäm ýurduň «Japan Airlines» awiakompaniýasy köne zatlardan, şol sanda zyňyndy egin-eşiklerden taýýarlanan bioýangyjy ulanmaga girişdi. Has takygy, ýakynda Tokio howa menzilinden Fukuoka şäherine amala aşyrylan uçuşda ýangyjyň şeýle görnüşinden peýdalanyldy.
Metbugat sahypalarynda ýazylyşy ýaly, ýangyjyň täze görnüşi ozal ulanylan ýangyçlara garanyňda ekologiýa zyýanly täsirini az ýetirýär. Kompaniýany bioýangyç bilen ýerli kompaniýalaryň biri üpjün edýär.
Ýurduň kompaniýalarynyň birnäçesi 250 müň tonna köne geýim-gejimler bilen pagta işläp taýýarlamaga girişdiler. Şeýlelikde, önümçiligiň gapdaly bilen Ýaponiýanyň taryhyndaky ilkinji bioreaktiw ýangyç hem taýýarlanyldy.
«Japan Airlines» geljekde ähli ulaglarynda bioýangyçdan peýdalanmagy meýilleşdirýär. Bu bolsa diňe «Günüň dogýan ýurdunyň» däl, eýsem, onuň bilen awiagatnaşyklary saklaýan beýleki döwletleriň hem ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam berer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply