YKDYSADYÝET

Konditer önümçiligi artdyrylýar

Önümçiligi köke önümlerinden başlan Ahal welaýatynyň Änew şäherindäki «Altyn ýunus» hususy kärhanasynda öndürilýän kökeleriň görnüşi otuza golaýlady.

2020-nji ýylda işe başlan bu kärhanada häzirki wagtda «Melek», «Ýunus», «Emir» nyşanly, dürli bezegli gaplarda ilata ýetirilýän kökeler bilen birlikde şokoladyň dört görnüşiniň, wafliniň bolsa, bäş görnüşiniň önümçiligi alnyp barylýar. Hünärmenler ýakyn geljekde konditer önümleriniň täze görnüşleriniň-de önümçiligini ýola goýmagy maksat edinýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: