BIZE YAZYARLAR

Kompozitoryň 80 ýyllygyna

Berkarar ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen medeniýeti we sungaty özüniň batly gadamlary, jadyly owazy bilen dünýä çykdy. Özüniň köklerini gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan milli sungatymyz bu gün gül açyp, köňüller köşgüne seýran edýär, kalplara mähir paýlaýar. Elbetde, türkmen medeniýeti diýlende, ilki bilen , seni duýgular dünýasine alyp gidýän, kalbyňy heýjana salyp, mähir – muhabbeti bilen hüwdüleýän aýdym – saz sungaty göz öňüňe gelýär. Özüniň gözbaşyny türkmeniň gözel tebigatyndan, merdana milletiň mährem dünýäsinden, guýmagursak zehinleriň Jeýhun ýaly çyrpynyp duran kalbyndan alyp gaýdýan bu jadyly sungatyň yşkyna düşmedik ynsan, megerem ýokdur?! Türkmeniň aýdym – saz sungaty diýlende, özüniň mahmal owazlary bilen ýüreklerde ýer alan, aslynda owaz bolup dünýä inen, ussatlygyň çür depesine ýeten bagşylar, aýdymçylar bilen bilelikde sungat äleminde öçmejek yz galdyran kompozitorlar hem göz öňüňe gelýär.

Şeýle ussatlaryň biri hem Türkmenistanyň halk artisti, döwlet baýraklarynyň, Watana bolan söýgüsi üçin medalynyň eýesi, 60-a golaý çeper kinofilmleriň sazyny ýazan, halkyň kalbynda ýaşaýan ýüzlerçe aýdymlaryň awtory, ençeme ýaş kompozitorlaryň halypasy, kompozitor Rejep Jumaýewiç Rejepowdyr. Türkmen saz sungatynyň görnükli wekili Rejep Rejepow, aslynda, saz ýaly mylaýym, özüniň ýokary medeniýeti, pikirini deliller bilen düşündirmegi başaran , mähirli we adamkärçilikli häsiýeti bilen tapawutlanýan ynsandy. Ol ajaýyp haly nagyşlaryny döreden nakgaş Juma Rejepowyň maşgalasynda önüp – ösüpdir. Bu bolsa onuň ýaşlykdan sungat bilen ysnyşmagyna getirýär. Belki, onuň saz sungatyna gelmegine çyrpynyp duran zehini bilen bilelikde ýakyn garyndaşlarynyň, meşhur sazanda Mylly Täçmyradowyň, türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň düýbüni tutujylaryň biri Weli Muhadowyň täsiri bolandyr. Sebäbi Rejepowlaryň öýünde hemişe folklor we nusgawy Ýewropa sazlary ýaňlanypdyr, özüne çekiji sungat baradaky söhbetdeşlikler bolupdyr. Geljekki kompozitoryň ilkinji diňlän sazlary  Gylyçly tans , Karmen uwertýurasy we beýleki dünýä meşhur eserler bolupdyr. Rejep ýaňy on bir ýaşyndaka, kakasy bilen şol wagtky Magtymguly adyndaky opera we balet teatryna gidýär.

Bu ýerde görkezilen opera onda uly täsir galdyrýar we geljekki ýaş kompozitora kär saýlamaga itergi beren ilkinji ädim bolýar. Ol şol ýyllarda sazçylyk mekdebinde truba hünäri boýunça okuwa girýär. Bä’ ýyllyk okuw meýilnamasyny üç ýylda tamamlan Rejep Aşgabatda ýörite orta sungat mekdebine okuwa girýär we sazanda M.A.Guseýnowyň synpynda okaýar. Ol bu ýerde sazşynas W.A.Baranowskiden, dirižýor we kompozitor G.S.Držewskiden hem sapak alýar. Rejep Rejepow eýýam 17 ýaşynda mahaly operanyň orkestrinde saz çalýar we ähli spektakllara gatnaşýar. Ol entek ýörite orta sungat mekdebinde okaýarka, ilkinji aýdymlaryny we çagalar üçin pýesalaryny döredýär. Bu ýerde okuwyny göreldeli tamamlan Rejep Rejepow Moskwa konserwatoriýasyna okuwa iberilýär. Ol ilki bilen konserwatoriýanyň bir ýyllyk taýýarlyk bölümine okuwa kabul edilýär, soňra bolsa onuň aýratyn zehini göz öňünde tutulyp, bu ýokary okuw mekdebiniň birinji ýylynda Wladimir Fereniň synpyna geçirilýär. Şol döwürler we soňra bu ýokary okuw mekdebinde türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň görnükli wekilleri Nury Halmämmedow, Aman Agajykow, Çary Nurymow, Rejep Allaýarow dagy hem okapdyrlar. Geljekki görnükli kompozitorlar bilen döredijilik gatnaşyklary Rejep Rejepowyň kämilleşmegine itergi berýär.

Rejep Rejepow konserwatoriýada okaýan ýyllarynda kirişli kwarteti, klarnet, fortepiano üçin sonatalary, wariasiýalary döredýär. Kompozitoryň döredijiliginde esasy orny kino sazlary eýeleýär. Onuň entek konserwatoriýanyň birinji ýyl talyby döwründe režissýor Bulat Mansurowyň  Teşneligiň gandyrylmagy kinofilmine ýazan sazy uly üstünlige eýe bolýar. Kompozitoryň ýaşdygyna seretmezden, bir sagatlyk üznüksiz we çylşyrymly saz döretmegi hemmeleri haýran galdyrýar. Soňra şol döwürler uly meşhurlyk gazanan  Gyrnak,Gelinlik, Jemalyň daragty,  Aklygyň tümlügi ýaly ajaýyp kino sazlary dünýä inýär. Bu kinofilmlerdäki aýdymlar bu gün hem aýdymçylaryň we diňleýjileriň arasynda uly söýgüden peýdalanýar. Kompozitoryň şol döwürde döreden uly göwrümli eserleri (sonatalar, simfoniýalar) hem gyzgyn garşylanylýar. Ol ýekelikdäki wiolonçel üçin sonatasynda dutaryň ýerine ýetiriliş aýratynlyklaryny, äheňini, owazyny wiolonçeliň häzirkizaman usullary bilen beýan etmegi başarypdyr.

Onuň bu eseriniň esasy aýratynlygy türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň taryhynda ölçegi goýulmadyk ilkinji eserdir. Rejep Rejepowyň wiolonçel sonatasy türkmen kamera sazynda täze sahypa açýar. Bu eser sonata döredijiligine itergi berip, Çary Nurymowyň, Weli Muhadowyň we beýleki kompozitorlaryň bu ugurdan täze – täze eserleri döretmegine badalga berýär. Rejep Rejepowyň ajaýyp eserleriniň ýene – de biri goboý üçin konsertdir. Bu eser ozüniň göwrümi boýunça uly bolmasa – da, konsert žanrynyň talabyna doly laýyk gelýän eser bolup, ol saz muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsini gazanýar. Rejep Rejepowyň bu konserti beýleki kompozitorlaryň hem kamera konsert döredijiligine aýgytly ýüzlenmäge sebäp bolýar. 80-nji ýyllaryň ortalarynda Rejep Rejepow çagalar temasyna ýüzlenip, çagalar üçin toplumlaryň birnäçesini, olardan, Garagum şemalynyň ertekileri atly operasyny ( Weniamin Smehowyň librettosyna) döredýär. 1985 – nji ýylda bolsa türkmen kompozitorçylyk ýolunda ilkinji bolup, iki skripka, alt, wiolonçel we fortepiano üçin Kwintet – poemasyny ýazyp, ony ýakyn dosty meşhu kompozitor Nury Halmämmedowyň ýagty ýadygärligine bagyşlaýar. Kompozitor bulardan başga – da türkmen saz sungatynyň taryhynda müdimilik orun alan simfoniki orkestr üçin,Watanyň ganatlary atly uwertýurany, çagalar üçin sýuitany , simfoniýalary, Görogly, operasyny, ähli toý – baýramlarymyzyň bezegi bolan ençeme aýdymdyr – sazlary döredýär. Olardan Saňa,Humaý gözli, Söýgi aýdymy, kinofilmlerden Armanym,Döndiniň aýdymy, atly aýdymlary halkyň kalbyna siňen aýdymlar diýsek ýalňyşmarys. Şeýle – de kompozitor ençeme simfoniki eserleri, Watanymyzyň gözel tebigatyny, ýeten belent derejelerini wasp edýän kantatalary, odalary döredip, birnäçe ýyllar dowamynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ojagy bolan M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda zähmet çekip, ençeme ýaş kompozitorlara halypalyk etdi. Onuň şägirtleriniň arasynda konserwatoriýanyň uçurumlary Türkmeniň Altyn Asyry bäsleşiginiň ýeňijisi Jemal Reýimowa, Döwran Hanyýew, Merdan Ýazmyradow, Nurmurat Rozyýew, Merdan Annamyradow dagylar tälim alyp, şu güne çenli hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döredijilikli zähmet çekip, söýgüli halypasynyň ýoluny dowam edip gelýärler.

Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň Sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň müdiri,
kompozitor Jemal Reýimowa

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: