BIZE YAZYARLAR

Kokos gabygyndan netijeli peýdalanyldy

Ýer ýüzüniň plastik önümler bilen global hapalanmagyny göz öňünde tutup, ylmy dünýä jemgyýetçiligi organiki däl polimer çig mallarynyň ýerini tutýan, ekologiýa taýdan arassa alternatiw hökmünde ösümlik süýümlerini gözlemegi dowam etdirýär.

Bu babatda Russiýa Federasiýasynyň «MISIS» Milli barlag tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary taýlandly kärdeşleri bilen bilelikde fenol-formaldegid birleşmesi bilen berkidilen kokos süýümine esaslanýan ýaşyl kompozit taýýarladylar. 60 we 40 göterimli fenol-formaldegidli kokos süýümli birleşmeler el bilen ýerleşdirilip, gysyş galyplary bilen ýasaldy. Ýaşyl kompozit dartylma, urga çydamlylygy, çeýeligi, suwy siňdiriş tizligi we dargama häsiýetleri ýaly görkezijileriň synagyndan üstünlikli geçdi. Netijede, gidrofil, gidroksil toparlarynyň we garyndylaryň mukdarynyň azdygy sebäpli tebigy kokos süýümi bilen deňeşdirilende, täze materialyň ýokary mehaniki aýratynlyklary ýüze çykaryldy.

Awtorlaryň belleýşi ýaly, kokos gabygyna esaslanan we gaýtadan işlenen bu süýümli kompoziti dokma we amatly gaplama hökmünde, awiasalonlar we demir ýol wagonlary üçin ýeňil gurluşlary öndürmekde, interýer dizaýnynda (diwarlar we pollar üçin ekologiýa örtügi), ýollaryň gurluşygynda ulanmak bolar. Ony işläp düzüjiler zygyr, kenep we krapiwa süýümlerini çig mal hökmünde ulanyp, bu tehnologiýany kämilleşdirmegi meýilleşdirýärler.

Laçyn ATAJANOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: