YKDYSADYÝET

«Kökçi» şu ýyl 8 müňe golaý akkumulýatory eksport etdi

Üstümizdäki ýylyň geçen dört aýynda «Kökçi» hojalyk jemgyýeti önüminiň eksport edilýän möçberini ep-esli atdyrdy.

Ýanwar-aprel aýlarynda dürli kuwwatlykdaky akkumulýatorlaryň 7 müň 900-si Owganystana iberildi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkisinden 4 müň 340 sany köpdür.

Geçen ýyl şu döwre çenli 16 müň 703 sany önüm öndürilen bolsa, şu ýyl onuň mukdary 21 müň 244-e ýetdi. Ýokary hillidigi, bahasynyň elýeterlidigi ýurduň çäginde-de, ondan daşarda-da Türkmenistanda öndürilen önüme bolan islegiň artmagyny şertlendirýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: