YKDYSADYÝET

«Kökçi» hojalyk jemgyýetinde ýylyň başyndan bäri 23 müňden gowrak akkumulýator öndürildi

«Kökçi» hojalyk jemgyýetinde üstmizdäki ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda 23 müň 264 sany akkumulýator öndürildi.

Işini Türkmenabatdaky himiýa zawody bilen bilelikde alyp barýan bu hojalyk jemgyýetiniň öndürýän önümleri hilini gowulandyrmagyň üstünde işleýärler. «Kökçiniň» akkumulýatorlary bahasynyň daşary ýurtlardan getirilýänlerden arzanlygy bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin olar bilen içerki bazarda hem, daşarky bazarda hem uly islegden peýdalanýar. Bu ýerde çykarylan dürli kuwwatlykly akkumulýatorlaryň 11 müň 388 sanysy Owganystana eksport edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: