DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Köçe nakgaşynyň suraty 25,4 milliona dollara satyldy

Awtoryň gizläp goýan pyçagynyň zaýalan suraty Londonda angliýaly köçe nakgaşynyň işleri üçin rekord bahadan satyldy. Benksiniň bu suraty üçin 18,6 million funt sterling (25,4 million dollar) tölediler. Bu barada «ТАСС» ýazýar.

«Taşlandy bakyndaky söýgi» atly işe tölenen pul onuň öňki eýesiniň töläninden 18 esse diýen ýaly köpdür. Bu Londonyň «Sotheby’s»-de 2018-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Benksiniň «Şarly gyzjagaz» diýen işini satylan wagty bolup geçiripdi. Ol 1,04 million funt sterlinge (1,36 million dollara) satyn alnypdy. Çekiç urlan badyna suratyň ramasynyň aşagynda nakgaşyň gizläp goýan pyçagy ony inçejik lenta görnüşinde kesipdi.

Dogrusy, gizlenip goýlan pyçak biraz wagtdan soň döwüldi we suratyň ýarysy abatlygyna galdy. Bu suraty Benksiniň suratyny köpden bäri toplaýan zenan satyn alan eken. Ol söwdany ýatyrmandyr, ýöne şol ýerde onuň adyny üýtgedipdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: