SPORT WE SYÝAHAT

Klublaryň arasynda Dünýä çempionatynyň täze formaty hödürlendi

Indi ýaryşda toparlaryň sany köp bolar. FIFA resmi sahypasynda klublar arasyndaky Dünýä çempionatynyň täze formatyny hödürledi. Täzelik 2025-nji ýylda güýje girer.

Ýaryşa 32 topar gatnaşar (ozal 7 topar bardy). Olaryň hersi 4 toparçadan ybarat 8 topara bölüner. Her bir klub toparçada 3 oýun geçirer. Her topardan iki sany iň oňat orny eýelän toparlar ýaryşyň 1/8 final tapgyryna çykar.

2025-nji ýyldaky klublar arasyndaky Dünýä çempionaty ABŞ-da 15-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda geçiriler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: