TARYH

Kitiň ýuwudan adamy diri galyp bilermi?

Dini rowaýatlaryň birinde äpet läheňiň adamy ýuwduşy, üç gije-gündizläp içinde saklandan soň, ony agzyndan çykaryşy barada gürrüň berilýär. Şonça wagtlap bu jandaryň içinde ýatandygyna garamazdan, ol diri galýar.
Rowaýatda näme aýtsaň hem, aýdybermeli. «Seniňki däl» diýjek tapylmaz. Ýöne ony okanyňda: «Hakykat ýüzünde şeýle ýagdaýyň bolmagy mümkinmikä?» diýip oýlananyňy duýman galýarsyň. Ýöne: «Mümkin» diýen jogaba onçakly garaşybam durmaýarsyň. Sebäbi bu ýagdaý çyna berimsiz bolup görünýär. Ýöne durmuşda bolup geçen wakalaryň biri welin şeýle hadysanyň bolup biläýjekdigine şaýatlyk edýär. «Наука и жизнь» portalynda berlen materialda bu barada gürrüň berilýär.
Bu barada «Nýu-Ýork taýms» («New-Ýork times») gazeti 1896-njy ýylyň 26-njy noýabrdaky sanynda ýazypdy. Bu şeýle bolan eken. Makalanyň ýazylan ýyly Folklend adalarynyň golaýynda amerikanyň kit awlaýan «Gündogaryň ýyldyzy» atly gämisine ullakan kaşalot (kitler otrýadyndan bolan uly süýdemdiriji deňiz haýwany) hüjüm edipdir. Şonda ol guýrugy bilen Jeýms Bartli atly bir matrosy kakypdyr we ony suwa gaçyrypdyp. Hemmeler ol gark bolandyr öýdüpdirler. Iki günläp yzyndan kowalanlaryndan soň, ahyry bu äpet balygy ele salypdyrlar. Ony gäminiň üstüne çykaryp, soýanlarynda, gazetde ýazylyşy ýaly, «içinde jany bara meňzemeýän, iki bükülip ýatan bir zada» duş gelipdirler. Görüp otursalar, ol şol gämiden gaçan matros eken. Özem, essinden giden hem bolsa, diri bolup çykypdyr. Ol bu deňiz jandarynyň içinde 36 sagatlap ýatypdyr.
Geçen asyryň 20-nji ýyllarynda bu barada köp pikir eden iňlis zoology Ambrouz Uilson läheň ýuwudan adamyň diri galmagynyň ähtimaldygy baradaky netijä gelipdir. Ýöne munuň läheňiň görnüşine we pidanyp näçe wagtlap onuň aşgazanynda ýatandygyna baglydygyny aýdypdyr. Mysal üçin, murtly läheňler plankton (deňizlerde we derýalarda ýaşaýan, suw akymynyň güýji bilen hereket edýän haýwan we ösümlik organizmleriniň dünýäsi) bilen iýmitlenýärler we göwrümi greýpfrutdan uly bolan zady ýuwudyp bilmeýärler. Uly kaşalot welin muny başarýar, onuň agramy 50 tonna, boýunyň uzynlygy 20 metre ýetýär. Ol bir gije-gündiziň dowamynda 1,5 tonna barabar iýmit bilen iýmitlenýär we ony, esasan, çeýnemän, ýuwudýar. Profesor Uilson arhiwde saklanýan resminamalarda 1771-nji ýylda bolan waka barada maglumat tapypdyr. Onda kaşalotyň kit awlaýan şlýupkany (kiçi gämini) dişläp, iki bölek edendigi, şonda deňizçileriň birini ýuwudyp, suwa çümüp gidendigi barada ýazylan eken. Ol birnäçe wagtdan soň suwuň ýüzüne çykyp, deňizçini agzyndan tüýkürip çykarypdyr. Neressäniň teni güýçli sypjyrylan hem bolsa, oňa o diýen gorkunç ýara düşmän eken.
Biziň günlerimizde hem alymlar Uilsonyň gelen netijesini dogry hasaplaýarlar. Kaşalotlar kellesi aýakly mollýusklar, az derejede balyklar bilen iýmitlenýärler. Onuň agyz boşlugynda we gyzylödeginde adam arkaýyn ýerleşip bilýär. Kaşalotyň eňeginiň aşaky bölegi dişden doly, ýokarsynda welin bir-iki jübüt diýäýmeseň, başga diş ýok. Şonuň üçin hem, ol pidalaryny, köplenç, çeýnemän, ýuwudýar. Muňa mysal hökmünde geçen asyryň ellinji ýyllarynda kaşalotyň aşgazanyndan tapylan uzynlygy 10 metre barabar bolan çeýnelmedik we aşgazanynda siňdirilmedik kalmary getirýärler. Ol läheňiň aşgazanyndan belli bir wagtlap diri galan bolmaly. Kaşalotyň aşgazanynyň diwarlarynda kalmaryň murtlarynyň (şupalsalarynyň) (duýujy, tutujy, dem alyjy ösüntgi organlarynyň) yzlary muňa şaýatlyk edýärdiler. Ony öwrenen alymlar, diýmek, adam hem läheňiň içinde birnäçe wagtlap diri galyp biler diýlen netijä gelipdirler.
1896-njy ýylyň noýabrynda ýuwudylan adamyň teninde läheňiň iýmit siňdiriş organynyň täsir edendigi görnüp duran eken. Gazetde ýazylyşyna görä: «Bartliniň derisiniň käbir ýerleri iýmit siňdirişiň täsirine sezewar bolupdyr. Onuň elleri we ýüzi öliniňki ýaly, ap-ak eken, derisi bolsa edil gazanda gaýnadylan ýaly, ýygyrt-ýygyrt bolupdyr».
Elbetde, deňizçi iýmit siňdirýän fermentleri we duz kislotasyny bölüp çykarýan aşgazanyň esasy bölegine düşmän eken. Ol şaha meňzeş öýjükler bilen düşelen we ýuwdulanlary mehaniki işleýän birinji bölümde saklanypdyr. Sebäbi aşgazan şiresi bolan indiki bölege alyp barýan geçelge örän dar eken we ondan adam geçip bilmändir.
Kaşalotyň aşgazanynda adamyň nädip dem alyp bilendigi barada durup geçmek bilen, alymlar, läheňiň Jeýms Bartli bilen bilelikde onuň belli bir wagtyň içinde dem almagy üçin ýeterlik howany hem sorandygyny diýip çaklaýarlar. Ýöne rowaýatdaky ýaly, üç günläp läheňiň içinde ölmän saklanyp galmagyň mümkin däldigini aýdýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply