Aýlar aýlanyp, ýyllar dolanýar. Düýn dünýä inen çagalar bu gün düňküldeşip, kowalaşyp ýörler, ýaşaýşyň lezzetini görýärler. Ýyndam çagalyk ýadamany, ýaltanmany bilmeýär. Çagalar bagynyň ahyrky, mekdep döwrüniň başky ýyllaryndan çagalar biri-birinden parhlanyp, ýaryşly dünýäniň bir çetinden girýärler. Birniçe çagalar ilkinji sapaklardan öz zehini bilen, yhlasy bilen, gowy
okaýany bilen tapawutlanýar. Käbir çagalar bedenterbiýe, käbiri surat, käbiri aýdym sapagynda özlerini görkezip bilýärler.
Ýokary synplarda mugallymlar eýýäm çagalaryň gumanitar ugurdan, takyk ylymlar ugurdan gitjeklerini parhlandyryp bilýärler.
Wunderkind çagalaram bolýar. Selçeň bolýar, emma bolýar.
Wunder – gudrat, kind – çaga diýmekdir. Bu söz bu gün halkara sözüne öwrüldi.
Wunderkindler gaty az, emma örän güýçli zehinli çagalar köp. Her mekdepde ýüzlerçe. Emma olaryň geljekki ýoluny ýalňyşman saýgarmak kyn mesele.
Zehinli çagalary mugallymlaram, ene-atalaram, synpdaşlaram gowy görýär. Olar çagalykdan başlap deň-duşlaryndan saýlanyp, mekdebi gowy bahalar bilen gutaryp, soňra ýokary okuw mekdeplerine girýärler. Geljekki aýdymçy, suratkeş, edebiýatçy, sportsmen boljak çagalaram mekdepde beýleki çagalardan tapawutlanyp bilýärler. Mugallym mekdepde çagalaryň zehinlerini kitaplaryň üsti bilen kämilleşdirýärler.
Islendik iş bolsun, parhy ýok, ähli zehiniňi, ukybyňy, yhlasyňy, söýgiňi, mähir-muhabbetiňi siňdirip işleseň – ol iş ömrüň manysyna öwrülýär. Zehiniň, söýginiň, ýürek hyjuwynyň baran ýerinde bolsa ajaýyp sungat döreýär. Mugallym mekdepde çagalaryň zehinlerini kitaplaryň üsti bilen kämilleşdirýärler.
Kitabyň haýsy halkda, haýsy döwürde döränini takyk bilýän adam ýok. Adam eýýäm gowaklarda ýaşaýan çaglary kesindi bilen, hek bilen, gan bilen diwarlaryň ýüzüne surat çekipdir.
Gadymy Şumerde, Assiriýada, Müsürde mundan bäş müň ýyl ozal dürli hili ýazuwlar döräpdir. Hatdatlar toýun palçygyndan edilen sahypa hat ýazyp, onam otda bişiripdirler.
Kitap oýlanyp tapylaly bäri bolsa adamzadyň döredijliginiň belli bir bölegi kitaba girip, geljekki nesillere ýadygärlik galyp başlapdyr…Biz mugallymlar her gün okuwçylara kitaba gadyr goýmagy, kitaby söýüp okamagy öwredýäris. Çünki kitaplar çagalaryň zehinlerini ösdürnäge ýardam edýär.
Alma MAMEDOWA,
Farap etrabynyň ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy.
